Ötünç Soramak (#11973)

Ýa Ylahym, ýa Magbut, ýa Soltan, ýa Maksut! 
    Haýsy dil bilen Saňa şükür etsemkäm? Men gapyldym, Sen ägä etdiň. Men dönükdim, Sen iman berdiň. Men ölüdim, Sen dirilik suwy bilen ýaşaýyş bagyş etdiň. Men solgundym, Sen Rahman galamyňdan joşan Beýan çeşmesinden maňa terlik bagyş etdiň. Eý Perwerdigär! Ähli barlyk Seniň Jomartlygyňdan döredi. Sen Öz Kerem bähriňden meni mahrum eýleme we Rähmet deňziňi maňa gadagan etme. Her halda Seniň razylygyňy dileýärin we Seniň Gadym sahylygyň asmanynyň saýyly men. Sensiň Berim Eýesi hem Bakyýet Melekutynyň Soltany.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Ötünç Soramak (#11971)

*Jan dili bilen jahan Mahbubyny şeýdip çagyr: 

    Eý meniň Taňrym, Eý meniň Eýäm hem meniň Dostum! Eý meniň janymyň-ruhumuň Mahbuby! Saňa şükür etmegi neneň başararkam? Gaflat we nadanlyk bährinde gark bolup ýatyrdym. Jomart diliň meni çagyrdy we Ýalkaýjy goluň meni gurşady.
    Eý meniň Taňrym! Gapyllygym şeýle bir derejä ýetdi welin, meni imanyň dury we süýji suwundan mahrum edip, gümanyň hapa ganyna tarap ýol salgy berdi. Men Seniň zikriňden gapyl boldym, Sen bolsa meni unutmadyň. Söýgi ody mende öçüpdi, ýöne Seniň Ýalkaw ataşyň tutaşyp durdy. Saňa ýüz tutmaga uýalýaryn. Haýsy dil bilen Seni çagyrsamkam diýip oýlanýaryn. Utanç we şermendelik meni basypdyr we bar zatdan umytsyz edipdir.
    Onda Eý meniň Allam, Eý meniň Maksudym, Eý meniň Möwlam! Eger-de bir ynsan çyny bilen, “Eý meniň Taňrym! Özüňi maňa aýan eýle” - diýip Saňa ýüzlense, “Seret Meni görersiň” diýen sesi Beýan Melekutyňdan ýaňlanjak gündir bu gün diýip eşidipdim. Bu Mübärek uly sözden bu günleriň uly orny mälim we bellidir. Hem-de biri ozalyň ozalyndan bar ýagşy işlerden mahrum galan bolsa-da, bu gün şony üýtgedip bolýandygy aýdylandyr. Sebäbi Ýalkaýyş deňzi bu dünýede görünipdur we geçirimlilik asmany has belentdir. Günleriň başy hem gözbaşy bolan bu Mübärek günüň hormaty üçin Seni razy etmegi maňa başartsaň hem-de meni Öz dergähiňe kabul etseň diýip Saňa ýalbarýaryn. 
    Eý meniň Taňrym! Men bir mätäç, Binyýazlyk deňzi Seniň ýanyňda. Men bir nadan, Tanyklyk ylymy hem bilimi Seniň ýanyňda. Men bir daş düşen ynsan. Dogrudanam Sensiň Başarjaň, Çäksiz uly we iň ýakyn.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Ötünç Soramak (#11972)

Ýa Ylahym, ýa Mahbup, ýa Hudaýym, ýa Maksut!
    Saňa geldim we Seniň Merhemetiňe sebäp boljak zady senden dileýärin. Sensiň Rähmet deňzi we barlygyň Eýesi. Seniň hemişelik goraýşyň, Seniň geçirimlilik we sahylygyň aýdyňlygyna nyşandyr. Öz bendeleriňi mahrum eýleme hem Mukaddes ýakynlyk saçagyňdan kowma. Sensiň Bagyşlaýjy we Mähriban. Senden özge Ägirt uly we has Geçirimli bolan Alla ýokdyr.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Ötünç Soramak (#11976)

Hu’äl-Äbha.
    Eý Perwerdigär! Men günäkär bolsamda, Seniň Rehimiňe umytlydyryn. Men pahyry-biçäre, Sen Sylagly Penakär. Men ejiz, men dertli, Sen her ýesiriň, her dertliniň dermany.
    Barhudaýa! Seniň gullugyňda durup biler ýaly, Merhemet donuny geýip, Rähmet çeşmesinden ganyp biler ýaly, kabul eýle, ustünlik ber.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Ötünç Soramak (#11975)

Hu’Alla.
    Eý Mähriban Taňrym! Boýdan-başa günäli biz. Seniň ýoluň tozy biz. Her säher aglap seni çagyrýarys.
   Eý Gerçek! Hatany ýaşyr, sahylyk eýle, wepa kyl, sapa ber. Goý dogry ýoluň ýalkymy saçylyp ykbal şöhlesi tutaşsyn. Goý Ýalkaýyş çyrasy ýansyn, günä perdesi ýakylsyn, umyt daňy atylsyn, umytsyzlyk tümlügi gutarsyn. Goý ýagşylyk şemaly öwüssin, Jomartlyk hoş ysy gelsin, burunlara müşk saçylsyn, rugsarlara ýalkym salsyn. Sensiň Geçirimli we Mähriban, Sensiň Parlak we Taban.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Ötünç Soramak (#11974)

Hu’Alla.
    Eý Hudaýa ýüz tutan! Gözüňi gaýyp Melekutyň Ululyk Älemine dikip, şeýle doga bilen dilege başla:
    Eý Mähriban! Sen basyr, Sen ýaşyr. Hata bizden, rehim Senden, jepa bizden, wepa Sen- den, günä bizden, pena Senden, kesel bizden, şypa Senden. Ýaşyr, ýalka, wepa kyl, pena ber, şypa eýle.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

